06/11/2026
23
TÜRKMEN MANADYNYŇ 33 ÝYLLYGY MYNASYBETLI BÄSLEŞIK GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň «Ýaş ykdysatçylar» ylmy gurnagynyň guramagynda Türkmenistanyň Milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 33 ýyllygy mynasybetli talyp ýaşlaryň arasynda «Bedew batly ösýän ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ösmeginde milli manadymyzyň ähmiýeti» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige institutymyzyň talyplary işjeň gatnaşyp, olar ýurdumyzyň pul dolanyşygy, garaşsyzlyk ýyllary içinde bank ulgamynyň ösüşi, bu ugurda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeleriň ähmiýeti, sebit we halkara maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk barada taýýarlan döredijilik işlerini hem-de çykyşlaryny hödürlediler.
Gyzykly we çekeleşikli geçen bäsleşigiň netijelerine laýyklykda, tapawutlanan talyplar degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar.
Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady syýasatyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga, olaryň hünär düşünjelerini kämilleşdirmäge hem-de ykdysady bilim endiklerini kemala getirmäge uly goşant goşýar.
Medine HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby