Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI ARKADAG ŞÄHERINDE UMUMY BEÝAN BILEN ÇYKYŞ ETDI
    TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI ARKADAG ŞÄHERINDE UMUMY BEÝAN BILEN ÇYKYŞ ETDI
    TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI ARKADAG ŞÄHERINDE UMUMY BEÝAN BILEN ÇYKYŞ ETDI
    TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI ARKADAG ŞÄHERINDE UMUMY BEÝAN BILEN ÇYKYŞ ETDI
    01/09/2023

    2185

    TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI ARKADAG ŞÄHERINDE UMUMY BEÝAN BILEN ÇYKYŞ ETDI

    Şu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ilkinji «akylly» şäheri — Arkadag şäherinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aba Annaýew adyndaky halkara atçylyk akademiýasy, Berdimuhamet Annaýew adyndaky mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi, Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.
    Şeýle hem şu gün Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde 5 müň orunlyk Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň binalar toplumynyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň düýbüni tutmak dabaralary geçirildi.
    Soňra Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2023-2024-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçdi. Halk Maslahatynyň Başlygy ilki bilen, bu ýere ýygnananlary ýurduň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri çykyşynda ýene-de sanlyja günlerden Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 32 ýylyň dolýandygyny, Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň türkmen halkynyň buýsanjydygyny hem aýratyn belledi.
    Umumy okuw sapagynyň barşynda Türkmenistanda ähli ugurlarda şol sanda ykdysadyýetde, maliýe we energetika ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli işler hem-de möhüm durmuş meseleleri barada bellenilip geçildi.
    Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýaşlar bilen bu taryhy duşuşygynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, ýurtda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem-de täze okuw ýylynyň başlanýan senesinde bolup geçmegi-de özboluşly sazlaşyga, aýratyn many-mazmuna eýedir.
    Okuw sapagy çuňňur many-mazmuna eýe bolup, oňa gatnaşan bagtyýar türkmen ýaşlarynyň her biriniň kalbynda ýakymly täsirleri galdyrdy hem-de olaryň baýramçylyk şatlygyny, gowy okap, kämil hünärmen bolup ýetişmek, ýurduň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak höwesini artdyrdy.
    Çykyşynyň barşynda Gahryman Arkadagymyz ýaşlara watançylyk we edermenlik baradaky parasatly öwüt-nesihatlaryny berdi, şeýle hem terbiýäniň 12 görnüşiniň bardygyny aýratyn belläp geçdi.
    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
    Ata-Watanymyzyň bedew bady bilen has-da öňe gitmeginde, biz ýaş nesliň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişmegimizde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

    Mahym KAKAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI