30/09/2023
1539
Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi Bütindünýä uniwersitetiniň reýtinginiň sanawynda
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda döwrebap ýokary okuw mekdepleriniň sany ýylsaýyn has-da artýar, maddy-enjamlaýyn binýady berkidilýär, millibilim ulgamynyň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär, çalt depginler bilen ösýän sanly ykdysadyýetiň zerurlyklary nazara alnyp, täze hünär okuwlary girizilýär, okuw meýilnamalary, okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyrylýar, bilim bermegiň innowasion usullary okuw işine ornaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlyk has-da ýabaňlandyrylýar.
2023-2024-nji okuw ýylynyň ilkinji günlerinde Beýik Britaniýanyň «Times Higher Education» – Bütindünýä reýting guramasy tarapyndan her ýylda geçirilýän World University Ranking Bütindünýä uniwersitetiniň reýtinginiň 2024-nji ýyl üçin görkezijilerini çap etdi. Bu gezek Türkmenistanyň baýry ýokary okuw mepdepleriniň biri bolan Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty World University Ranking Bütindünýä uniwersitetiniň reýtinginiň 2024-nji ýylyň görkezijisine «habarçy» derejesi bilen girdi.
Dünýäde ady belli «Times Higher Education» (Bütindünýä reýting guramasy) ýokary bilim ulgamynda reýtingleri geçirmek boýunça ykrar edilen lider hasaplanylýar. Bu gurama ýokary bilim derejesi dünýädäki ýokary okuw mekdepleriniň üstünlikleriniň iň abraýly görkezijileriniň biridir. Bu görkeziji eýýäm dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň has-da artmagyna ýakyndan ýardam edýär. Gurama tarapyndan geçirilýän reýtingleriň ilkinjisi 2004-nji ýylda işläp başlap, şol wagt oňa gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriň bary-ýogy 200-si bardy. Häzirki wagtda ýokary bilimiň ählumumy çalt özgerýän şertlerinde görkezijä gatnaşýanlaryň sany-da ýylsaýyn artýar.
Bu günki günde Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça alyp barýan işjeň syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň bilim ulgamy häzirki zaman dünýä tejribesiniň we milli däpleriň esaslarynda ösdürilýär. Munuň şeýledigine institutymyzda döredilen şertler, ornaşdyrylan tehniki we sanly serişdeler, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan okuw otaglary, içki lokal tory we «Sanly bilim» portaly, elektron resminama dolanyşygy hem-de internet web-saýty aýdyň şaýatlyk edýär. Bu bolsa okuw-terbiýeçilik işlerini ýokary derejede alyp barmaga, ylmy-barlag işlerinde netijeliligi gazanmaga, sanly bilim ulgamyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, dünýä derejesinde ýokary derejeli halkaraçy hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik döredýär.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary insitutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň
II ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz: