30/11/-0001
683
TÜRKMEN-BAHREÝN GATNAŞYKLARY: ÖSÜŞIŇ TÄZE TAPGYRYNDA
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parahatsöýüjilikli daşary-syýasy strategiýasy üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň sebit we halkara abraýy yzygiderli ösýär we barha berkeýär. Türkmenistan häzirki wagtda 150-den gowrak döwletler bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Ine, şeýle dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli alnyp barylýan ýerleriniň biri hem arap dünýäsiniň ýurdy Bahreýn döwletidir.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň 21-nji fewralynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Bahreýn patyşalygyna ugrady. Döwlet Baştutanymyzyň bu saparynyň dostlukly ýurda ilkinji saparydygyny bellemek gerek. Bu sapar iki ýurduň halklaryny baglanyşdyrýan dost-doganlyk we ruhy taýdan ýakynlyk gatnaşyklaryna esaslanýan, umumy abadançylygyň bähbidine giň gerimli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze altyn harplar bilen ýazylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Bahreýniň Patyşasy Şeýh Hamad bin Isa Al Halifa bilen duşuşygyň çäklerinde iki dostlukly ýurtlaryň arasynda diňe bir söwda-ykdysady ulgamda däl, eýsem medeni-ynsanperwer ulgamlarda hem häzirki döwrüň ýagdaýlary, gatnaşyklaryň uly mümkinçiligi nazara alnyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, bu sapar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmegi ugur edinýän syýasatyny durmuşa geçirmekde nobatdaky ädime öwrüler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmen – Bahreýn diplomatik gatnaşyklary 1995-nji ýylyň dekabrynda ýola goýuldy. Ine, Döwlet Baştutanymyzyň Bahreýn Patyşalygyna ilkinji sapary hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we ösdürmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, özara ynanyşmaga, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar giň gerimli häsiýete eýe boldy hem-de dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin giň mümkinçiliklere ýol açdy. Beýleki pudaklarda, şol sanda maliýe, maýa goýum ulgamynda, deňiz ulaglarynda, syýahatçylykda we sportda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilik bardyr.
Şeýlelikde, daşary syýasat strategiýasynda arap dünýäsiniň döwletleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi ileri tutýan Türkmenistan – Bahreýn Patyşalygy bilen hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin birnäçe işler alnyp barylar.
Batyr GURBANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk
öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.