10/04/2026
44
“Türkmen atlary” döwlet birleşigine gezelenç
2026-njy ýylyň 10-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş hem-de Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedralary tarapyndan “Türkmen atlary” döwlet birleşigine gezelenç gurnaldy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Gezelenjiň dowamynda institutyň mugallymy oňa gatnaşyjylara Gahryman Arkadagymyzyň milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan türkmen halkynyň atşynaslyk däplerini gorap saklamak, ösdürmek we dünýä ýaýmak babatda durmuşa geçirýän taýsyz tagallalary barada aýratyn nygtady. Gezelenç talyplarda uly gyzyklanma galdyrdy.
Nazar BEKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
08/04/2026
MILLI GYMMATLYKLARA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
07/04/2026
YLMY SEMINAR GEÇIRILDI