Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / «TURKMENTEXTILE EXPO— 2025» ATLY HALKARA SERGI- ÝARMARKA ÖZ IŞINE BAŞLADY
    «TURKMENTEXTILE EXPO— 2025» ATLY HALKARA SERGI-  ÝARMARKA ÖZ IŞINE BAŞLADY surady
    12/06/2025

    1715

    «TURKMENTEXTILE EXPO— 2025» ATLY HALKARA SERGI- ÝARMARKA ÖZ IŞINE BAŞLADY

    Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurtda yzygiderli geçirilýän halkara sergileriniň, maslahatlarynyň, festiwallaryň täsiri uludyr. Muňa mysal edip, şu ýylyň 2025-nji ýylyň 11—13-nji iýuny aralygynda Aşgabatda geçirilýän «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarkasy ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda uly ähmiýetli waka bolar. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan sergi ýurdumyzda hereket edýän pagta egriji we dokma fabrikleriň, dokma toplumlaryň, ýüpekçilik kärhanalaryň, tikinçilik we aýakgap fabrikleriň hem-de göni gaýtadan işleýän zawodlaryň onümçilik mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
    Täze tilsimat enjamlaryň ornaşdyrylmagy bilen bilelikde, pudakda öndürilýän önümleriň hiline has uly üns berilýär. Şu gezekki sergä dokma enjamlaryny, boýaglary öndürmek babatda öňdebaryjy kompaniýalaryň birnäçesiniň gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Ýaponiýanyň “Toyota Industries Corporation”, “Murata Machinery”, Şweýsariýanyň “Rieter”, Hindistanyň “LMW Global FZE”, “Lakshmi Card Clothing” kompaniýalary dokma kärhanalary üçin enjamlary öndürmekde, olary döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar. Türkiýäniň “MRN Kimya”, Hindistanyň “Indokem”, “Atul chemical”, Tailandyň “Ben tech Chemical” kompaniýalary bolsa dokma senagaty üçin boýaglaryň giň görnüşlerini hödürleýärler.
    Serginiň çäklerinde milli we daşary ýurtly dizaýnerleriň, modalar öýleriniň taýýarlaýan lybaslary bilen tanyşmak üçin guralan moda görkezilişinde Italiýanyň, Fransiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Niderlandlaryň, Singapuryň, Hindistanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň dünýä belli dizaýnerleriniň taýýarlaýan lybaslar toplumlarynyň işleri tanyşdyryldy.
    Aşgabat modalar öýüniň, “Goç Ýigit”, “Duman Show”, “Dana Peri”, “AINA”, “Aýna Sari”, “Mirasly Senet”, “Binayim” “Chynar Fashion”, “LN” ýaly modalar öýleriniň we dizaýnerleriň nepis türkmen keşdeleri bilen bezelen türkmen milli lybaslarynyň tanyşdyrylmagy bu ugurda daşary ýurtly kärdeşleri bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, milli tikinçilik däplerini has-da ösdürilmegine uly mümkinçilik döredýär.
    Ýokary derejede guralan «Turkmentextile Expo — 2025» atly halkara sergi-ýarmarka ýurdumyzyň dokma senagatynda gazanylan ösüşlerini üpjün etmekde we ösdürmekde daşary ýurt kompaniýalary hem-de halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň işjeňleşmeginde nobatdaky ädim bolar.

    Mährijemal MÄMEDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI