Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / “Telekeçiler mekdebi” öz badalgasyny aldy
    “Telekeçiler mekdebi” öz badalgasyny aldy surady
    30/11/-0001

    744

    “Telekeçiler mekdebi” öz badalgasyny aldy

    Dünýäniň her bir ýurdy öz ykdysadyýetini ösdürmekde dürli işleri amala aşyrýar. Özbegistan Respublikasynda hem bu babatda ajaýyp taslamalar durmuşa geçirilýär. Olaryň biri hem 2021-nji ýylyň 21-nji dekabrynda dabaraly ýagdaýda Taşkent şäherinde “Uzmpromstroýbank” we “Uzsanoatkurilishmateriallari” birleşigi bilen bilelikde açylan “Telekeçiler mekdebi” atly okuw merkezidir.
    Merkez telekeçilik guramalarynyň we işewür guramalarynyň üsti bilen gurluşyk materiallaryny öndürmek ugrunda hünärmenleri taýýarlamagy, şeýle hem olar üçin has giň mümkinçilikleri döretmegi maksat edinýär.
    Merkezde dört modula bölünen häzirki zaman okuw meýilnamalary we täze okuw usullary esasynda sapaklar geçirilýär. Şu maksat bilen okuw merkezi zerur okuw desgalary we esbaplar bilen enjamlaşdyrylyp, onda ýeterlik edebiýat gaznasy döredildi. Merkezdäki okuw kurslary 72 sagatlyk maksatnama esasynda düzülip, ol bir wagtyň özünde 40 adamy okatmaga mümkinçilik berýär.
    Okuw merkeziniň işiniň netijesinde, gurluşyk materiallaryny öndürmekde telekeçileriň hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylar. Öňdebaryjy binagärlik we dizaýn ýörelgelerine esaslanýan “geljegiň materiallarynyň” gerimini hem giňelder we önümçilige halkara standartlaryny giňden ornaşdyrmaga ýardam berer. Şonuň bilen birlikde onuň tehnologiýalar äleminde ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmaty uly bolar.
    Şeýle hem açylyş dabarasynda çykyş edenler “Telekeçiler mekdebiniň” gurluşyk materiallarynyň önümçilik pudagy üçin täze tehnologiýalar we innowasiýalar merkezine öwrüljekdigini bellediler.
    Iki ýyl bäri işläp gelýän “Telekeçiler mekdebi” okuw işi goşa bilim maksatnamasy esasynda guralýar. Şoňa laýyklykda, okuw nazary leksiýalar, amaly gönükmeler, laboratoriýa we garaşsyz iş görnüşinde geçirilýär.
    2022-nji ýylda geçirilen işleriň netijesinde merkezde işewür ýolbaşçylar, inženerler, aýry-aýry telekeçiler, doktorantlar we garaşsyz dalaşgärler ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we ilatyň beýleki höwesjeňleri bilelikde jemi 484 sany bolup okadylar. Şol okuw sapaklarynyň netijesinde diňleýjileriň hemmesine şahadatnamalar gowşuryldy.
    “Türkiýe gurluşyk materiallaryny öndürmekde iň ösen döwletleriň biridir. Türkiýäniň Maltepe uniwersitetiniň mugallym-professorlarynyň biziň okuw merkezimizde zähmet çekmekleri hem buýsandyryjy wakadyr. Netijede, kompaniýamyzyň häzirki önümçilik kuwwaty 10-15% ýokarlandy. Önümleri eksport etmek üçin daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deslapky gepleşikler alnyp barlar” diýip Taşkent şäherindäki OOO Humo Stroymix Invest kompaniýasynyň inženeri Humaýun Jobibekow belleýär.

    Mahym KAKAÝEWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň
    I ýyl talyby.

    Çeşme:
    https://www.uzdaily.uz/ru/post/74768

    Soňky täzelikler

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA  ÝAÝBAŇLANÝAR. surady

    03/06/2025

    SAGDYNLYGYŇ, RUHUBELENTLIGIŇ GIREWI – ÝURDUMYZDA ÝAÝBAŇLANÝAR.
    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня  рождения великого поэта surady

    03/06/2025

    Александр Сергеевич Пушкин: К 226-летию со дня рождения великого поэта
    Укрепление связей через образование и диалог surady

    29/05/2025

    Укрепление связей через образование и диалог
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI