981
Tebigaty goramaga bagyşlanan eko-festiwal
2023-nji ýylyň 5-nji maýynda Aşgabat şäheriniň Aşgabat seýilgähinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň we Ýaş tebigatçy jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Gözel tebigatymyzy bilelikde goralyň” atly eko-festiwaly geçirildi. Daşky gurşawy gorap saklamak maksatly guralan medeni çärä ýaş guramaçylar, ekologlar, dürli ýaşdaky ildeşlerimiz, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar. Eko-festiwalyň açylyş dabarasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda ýurdumyzda daşky gurşawy aýawly saklamak ugrunda alnyp barylýan giň gerimli işleriň çäginde geçirilen bu eko-festiwalyň ýaşlaryň içinde ekologiýany gorap saklamagyň ähmiýetini, galyndylary we zyňyndylary täzeden işlemegiň netijelerini, peýdalaryny düşündirmek üçin has ähmiýetli we netijelidigini belläp geçdi. Şeýle-de eko-festiwalyň dowamynda dürli ekologik çykyşlar, plastik galyndylaryny gaýtadan işlemek boýunça öwrediji sapaklar, eko-oýunlar, eko moda görkezilişi we beýleki gyzykly oýunlar gurnaldy.
Gülşat ÇETILIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.