30/11/-0001
863
“Täze ýyl – täze arzuwlar” atly bäsleşik
2021-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň guramagynda institutyň I, II ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramy mynasybetli “New Year – New Dreams” atly bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik iňlis dilinde geçirilip, onuň esasy maksady talyplarda dil we sözleýiş endiklerini, seljerme we tankydy pikirlenişini ösdürmekden ybaratdyr. Zehin bäsleşigi iki tapgyrda geçirildi. Birinji tapgyrda talyplar “Spelling Bee” oýny boýunça ýaryşdylar. Ikinji tapgyrda bolsa, talyplar özleriniň taýýarlan sahna oýunlary bilen iňlis dilinde çykyş etdiler.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplary I orna, Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary II orna, Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary bolsa III orna mynasyp boldular.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.