25/12/2023
1824
Täze ýyl baýramyna bagyşlanan dabara
2023-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ilkinji Kärdeşler Arkalaşygy guramasynyň we Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň bilelikde gurnamagynda täze ýyl baýramyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu baýramçylyk dabarasyna institutymyzyň mugallymlarynyň we zähmet çekýän ähli işgärleriniň çagalary, şeýle hem inistitutymyzyň talyp ýaşlary gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň dörejilik topary öz sahna oýunlary bilen çagalary begendirip, baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdylar. Täze ýyla bagyşlanan bu baýramçylyk dabarasynda çagalar özleriniň goşgudyr aýdymlaryny aýdyp, Aýaz babadan öz sowgatlaryny aldylar.
Laçyn BEKMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary
institutynyň
Halkara hukukgy fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY