Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY ÝOKARY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY ÝOKARY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY ÝOKARY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY ÝOKARY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY ÝOKARY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY ÝOKARY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY ÝOKARY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI
    29/11/2024

    1340

    TÄZE ÝYL BAÝRAMÇYLYGY ÝOKARY GURAMAÇYLYKLY GEÇIRMEK BOÝUNÇA WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

    2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň ilkinji Ýaşlar guramasy we ilkinji Zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda institutyň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäre, esasan, Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça ýaşlaryň arasynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmak, hukuk bilimlerini artdyrmak, zyýanly endikleriň, şol sanda partlaýjy maddalaryň adamyň saglygyna ýetirýän zyýany baradaky sowatlylygyny ýokarlandyrmak, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, hem-de türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy giňden wagyz etmek maksady bilen geçirildi.
    Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşiniň başlygy Ismail Ýakubow, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 103-nji harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlygy bölüminiň müdiriniň orunbasary Içerki gullugyň Kapitany Amangeldi Çolukow, Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi Polisiýanyň maýory Meýlis Nurgeldiýew, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmeni Selbi Berdimyradowa dagy çykyş etdiler.
    Çykyşlaryň dowamynda ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly kämil ynsanlar bolup ýetişmegi ugrunda uly mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Täze ýyl baýramçylygy bellenilýän günlerde talyplaryň köpçülik ýerlerinde özlerini tertipli alyp barmalydyklary, zyýanly endiklerden daşda durmalydyklary baradaky çykyşlar bolsa giň many-mazmuna eýe boldy.

    Nurmuhammet ANNAMURADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI