29/02/2024
2161
Täze okuw möwsümine çagyryş
2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Päk Nesil» okuw merkeziniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda talyplar bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde hünärmenler talyplar bilen sorag-jogap alyşdy.
Bilim merkeziniň hünärmenleri iňlis dili, rus dili, nemes dili, hytaý dili, fransuz dili, koreý dili boýunça okuwlary gurnaýarlar. Şeýle hem okuw merkezinde TOEFL, IELTS, SAT synaglaryna taýýarlamak işleri hem ýola goýlan. Okuw merkezinde sapaklar Oxford materiallary esasynda döwrebap usulyýetleri ulanmak arkaly alnyp barylýar. Tejribeli we işine ussat mugallymlar her bir okuwçynyň başarnyklaryny aýratynlykda çemeleşmek arkaly ösdürmäge çalyşýarlar.
Dürdäne NAZARGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň III ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY