Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    18/05/2024

    1883

    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY

    2024-nji ýylyň 14-18-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hukuk ugrunda okaýan talyplary üçin Ýaz mekdebi tarapyndan gurnalan “Adam hukuklary we daşky gurşaw” atly okuw sapagy geçirildi. Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Bileleşiginiň 4 ýyllyk bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde gurnalan bu okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Umyt Annagylyjowa we Amanbagt Ussaýewa hem gatnaşdylar.
    Okuw sapagy hukuk hünäri boýunça ussat hünärmenler we mugallymlar tarapyndan alnyp barylyp, daşky gurşawy goramak we adam hukuklary ýaly ugurlara bagyşlandy. Oňa Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we Türkmenistandan hukuk hünärinde okaýan talyp ýaşlaryň jemi 40-dan gowragy gatnaşdy.
    Okuw sapagynyň ilkinji gününi giriş sözi bilen Gazagystan Respublikasynyň adam hukullary boýunça komissiýasynyň wekili Igor Rogow, Gazagystan Respublikasynyň ylym we ýokary bilim boýunça ministri Saýasat Nurbek, onlaýn görnüşde Ýewropa Bileleşiginiň Gazagystan Respublikasynyndaky Ilçisi, Al-Farabi adyndaky milli gazak uniwersitetiniň, Abaý adyndaky gazak milli pedagogik uniwersitetiniň, D.A.Kunaýew adyndaky uniwersitetiniň rektorlary, şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça wekilleri açyp berdiler.
    Sapagyň dowamynda oňa gatnaşyjy talyplara Ýewropa geňeşiniň maslahatçysy, hukuk meseleleri boýunça halkara derejeli trener Ýewa Massa, Liwerpul Uniwersitetinden sosial adalatlylyk we hukuk mekdebiniň dekanynyň orunbasary, professor Konstantin Degtýarew hem-de Ýewropa geňeşiniň maslahatçysy, Adam hukuklary boýunça baş hukukçy Malgožata Kwendaç-Paloş adam hukuklary boýunça Ýewropa komissiýasynyň alyp barýan wezipeleri, daşky gurşawy goramak barada özleriniň tejribelik sapaklaryny geçdiler.
    BMG-niň adam hukuklary boýunça komissarlygynyň ýokary müdirliginiň wekili jenap Igor Grişko howanyň üýtgemegi bilen bagly ylmy maglumatlar bilen çykyş etdi. Bu ugurdan talyplar öz aralarynda gyzykly sorag-jogaplary alyşdylar. Latwiýa döwletiniň adam hukuklary boýunça Ýewropa kazyýetiniň kazysy Martin Mits kazyýet işi bilen bagly öz tejribesini talyplar bilen paýlaşdy. Sapagyň dowamynda talyplar kazyýetde çykyş etmek ukybyny ösdürmek bilen bagly berlen ýumuşlary hem ýerine ýetirdiler.
    Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherine guralan okuw sapary talyplaryň halkara hukugy ugrundan kämil hünärmenler bolup kemala gelmeginde uly tejribe mekdebi bolup durýar. Okuw sapagynyň soňky gününde oňa gatnaşyjylara degişli şahadatnamalar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Türkmenistandan gatnaşan talyp ýaşlar özleriniň saýlap alan hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirýärler.

    Umyt ANNAGYLYJOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Bu barada şu ýerde hem okap bilersiňiz:
    https://turkmengazet.com/2024/05/19/merkezi-aziya-dowletlerinin-geljekki-hukukcylary-ucin-maksatnama/

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI