Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • ÝEŇIŞ GÜNI MYNASYBETLI YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Эксперты из страны тысячи озёр в Ашхабаде
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜM JEMLENDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    11/05/2026

    74

    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY

    2026-njy ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw otagynda Täjik Milli uniwersitetiniň wekiliniň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi. Türkmen-täjik ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde guralan bu çärä institutymyzyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar.
    Okuw sapagyny dünýä ykdysadyýeti kafedrasynyň dosenti Mahadmumin Tagoýew alyp bardy. Myhman häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň ösüş meýilleri, döwrebap ykdysady nusgalar we halkara söwda gatnaşyklarynyň aýratynlyklary barada çykyş edip, talyp ýaşlara gymmatly maglumatlary berdi. Esasan hem, häzirki zaman dünýä hojalygynyň ösüş ugrunyň binýatlyk esaslary we maliýe-ykdysady ulgamlaryň özara täsiri baradaky meselelere aýratyn üns çekildi.
    Mundan başga-da, okuw sapagynyň dowamynda dosent Mahadmumin Tagoýew ykdysadyýet hünärinde bilim alýan talyplara degişli maslahatlaryny berdi. Ol özüniň baý tejribesine salgylanyp, ýerli, sebit we dünýä ykdysadyýetine degişli maglumatlary dogry seljermek, seljeriş ukyplaryny kämilleşdirmek hem-de halkara ykdysady görkezijileri özleşdirmegiň usullary barada giňişleýin durup geçdi.
    Gyzykly geçen okuw sapagy talyp ýaşlarda uly täsirleri galdyrdy. Sapagyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallara jikme-jik jogap aldylar. Şeýle okuw sapaklary talyplaryň hünär tejribesini artdyrmak bilen birlikde, ylym-bilim hyzmatdaşlygynyň hem barha ilerledilmegini şertlendirýär.

    Döwran ÝOWBAGŞYÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    TÜRKMEN-HYTAÝ MEDENI GATNAŞYKLARY: GELJEGE ÖSÜŞ surady

    11/05/2026

    TÜRKMEN-HYTAÝ MEDENI GATNAŞYKLARY: GELJEGE ÖSÜŞ
    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI surady

    07/05/2026

    OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    07/05/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI