07/09/2024
683
Täsirli geçen duşuşyk
2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de «Adalat» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli döredijilik bilen meşgullanýan ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynda işleýän ýaş hünärmenleriň, hukuk hünäri boýunça okaýan talyp ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Bäsleşigiň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. «Jan Watanym Türkmenistan» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri bu bäsleşigi gurnaýjylaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara berýän goldawlary we edýän aladalary üçin sagbolsunlaryny beýan etdiler.
MÄHRI NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.