30/11/-0001
752
Talyplaryň Türkmenportal bilen duşuşugy
2023-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň talyplary bilen türkmen maglumat we hyzmat internet sahypasy bolan Türkmenportal döredijilik toparynyň wekilleri bilen täsirli duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda Türkmenportalyň döredijilik toparynyň wekilleri talyplara bu internet sahypanyň döreýiş taryhy bilen tanyşdyrdylar. Hünärmenler talyplara häzirki zaman jemgyýetinde sanly bilimiň tutýan orny we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde işlemegiň täze usullary hakda gyzykly gürrüňleri berdiler.
Duşuşygyň dowamynda talyplar döredijilik toparynyň ýolbaşçysy Serdar Annaýew hem Resul Döwletmyradow bilen söhbetdeşlik geçdiler.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar Türkmenportalyň döredijilik toparyna guralan duşuşyk üçin özleriniň hoşallygyny bildirdiler.
Uzukjemal ANNAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
Syýasy kommunikasiýa we internet
žurnalistikasy
hünäriniň II ýyl talyby.