133
Talyplaryň arasynda daşky gurşawy goramak boýunça bäsleşik geçirildi
2025-nji ýylyň 24–25-nji sentýabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ekologiýa we jemgyýetçilik mowzuklary boýunça ilkinji gezek ýokary okuw jaýlarynyň arasynda «Daşky gurşawy goramak boýunça çeper sözleýiş sungaty bäsleşigi» geçirildi.
Oňa ýurdumyzyň dürli ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşyp, häzirki döwrüň möhüm ekologiýa we jemgyýetçilik meseleleri boýunça çykyş etdiler. Olar ýokary taýýarlyk derejesini, tankydy pikirlenişi hem-de çykyş etmek başarnyklaryny görkezmegi başardylar. Olaryň mowzuklary häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygy üçin möhüm hasaplanýan ekologiýa, jemgyýetçilik meselelerini öz içine aldy. Bäsleşik örän täsirli geçdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň netijelerini hem aýratyn bellemek gerek. 24-nji sentýabrda institutymyzyň Halkara hukugy fakultetiniň talyplary «Howa we bio-dürlülik: Tebigaty gorap saklamak üçin howa üýtgemelerine garşy göreş» atly mowzuk boýunça çykyş edip, 3-nji orny eýelediler. 25-nji sentýabrda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary «Geljegi suw bilen gurmak: Gurakçylyklardan akylly çözgütlere» atly mowzuk boýunça çykyş edip, 2-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşigiň geçirilmegi ylmy-tejribe alyşmak hem-de ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin möhüm meýdança öwrüldi. Şeýle-de ol talyplaryň çykyş etmek başarnyklaryny ösdürmäge we sözleýiş medeniýetini kemala getirmäge uly ýardam berdi.
Nurana NURBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler

26/09/2025
ÝAŞLAR ÜÇIN OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
26/09/2025
BIRAÝLYGA BAGYŞLANAN DIWAR GAZETI