1482
TALYP ÝAŞLARYŇ NOBATDAKY ÝEŇIŞI
“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň 11-nji maýynda Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Germaniýanyň akademik alyş-çalyş gullygynyň gurnamagynda Türkmenistanda ilkinji gezek «Falling Walls Labs» halkara ylmy-barlag bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde institutymyzyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Kerimow Arslankerim hem “VIACA multimodal geçelgesi” atly tema boýunça ylmy iş bilen gatnaşyp, III orna mynasyp bolmagy başardy. «Falling Walls Labs» bäsleşigine gatnaşyjylar belli bir tema boýunça ylmy iş ýazdylar we bu işi berlen wagtyň dowamynda prezentasiýa etdiler. Bu bäsleşik bütin dünýä ýüzünde aýratynlykda geçirilýär. Bäsleşigiň esasy maksady ylymda we jemgyýetde täze innowasion pikirleri döretmek, ýaşlarda dünýä ýüzündäki dürli ugurlardaky meseleler boýunça gyzyklanmalary döretmekdir.
Meýlis HOJAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary Işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.
Soňky täzelikler
01/05/2026
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
30/04/2026
SURAT ÇEKMEK BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI
29/04/2026
ÝAŞ ŽURNALISTLER ÜÇIN OKUW SAPAGY GURALDY