Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / “Talyp gözeli - 2022” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
    “Talyp gözeli - 2022” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry surady
    30/11/-0001

    752

    “Talyp gözeli - 2022” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

    2022-nji ýylyň 3-nji martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli her ýylda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda yzygiderli geçirilýän “Talyp gözeli - 2022” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiñ jemleýji tapgyryna gatnaşan talyp gyzlar onuñ şertine görä, ýurdumyzyň batly gadamlaryny wasp etmek, Watanymyzyň gazanýan üstünliklerini dürli dillerde aýdyp bermek, “Hünärim bar - hormatym bar” şygar astynda keşde çekmek ukyplaryny açyp görkezmek we mähriban Arkadagymyzyň “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek şertleri boýunça bäsleşdiler.

    Ýurdumyzyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerinden hem-de bäsleşigi yglan eden taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň çykyşlaryna mynasyp baha berdiler. Bu gözellik bäsleşigine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby Oraztäç Çapaýewa gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdi. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň Diplomlary, Hormat we Minnetdarlyk hatlary hem-de gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

    Şamyrat BEGENJOW,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň

    1-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI