29/02/2024
747
Şygryýetiň sungatdaky öwüşginleri
2024-nji ýylyň 29-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli dana şahyryň döredijilik mirasyna bagyşlanan edebiýat agşamy geçirildi. Bu çärä Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan döredilen «Istärin» atly gysga metražly çeper filmde Magtymguly Pyragynyň ýaşlyk ýyllaryndaky keşbini ussatlyk bilen janlandyran Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Mekan Kurdow şeýle hem institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Täsirli pursatlara beslenen döredijilik agşamynyň myhmany Mekan Kurdow öz çykyşynda akyldar şahyryň şygyrlarynyň many-mazmunyndan syzylyp çykýan pelsepeleriň ýaş nesliň aňyna türkmen durmuşynyň däp-dessurlary, ýol-ýörelgeleri esasynda kino sungatynyň üsti bilen ýetirilýändigi dogrusynda gyzykly gürrüňleri berdi. Döredijilikden üzňe bolmadyk ýaş talyp, aktýor öz döreden şygyrlaryny çärä gatnaşyjylara okap berdi.
Mazmunly çykyşlaryň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan soraglara giňişleýin jogap aldylar.
Çärä gatnaşyjylar beýik akyldaryň arzuwlan berkarar döwranyny türkmen halkyna peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.