1868
Rus dili hepdeliginiň ilkinji çäreleri geçirildi
2023-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Rus dili hepdeliginiň çäginde tematiki sergi we rus aşhanasynyň ýarmarkasy gurnaldy. Çärä gatnaşanlar rus halkynyň medeniýeti, däp-dessurlary, şeýle hem, rus nusgawy ýazyjy-şahyrlarynyň eserleri bilen tanyşmaga mümkinçilik gazandylar. Dil hepdeliginiň çäginde gurnalan rus aşhanasynyň sergisiniň we ýarmarkasynyň institutymyzyň “açyk gapylary” güni bilen gabat gelendigini aýratyn bellmek gerek. Şeýle hem, hepdäniň çäklerinde aýdym-sazly çykyşlar, rus dilinde çeper okaýyş we interaktiw ýaryşlar ýaly çäreler meýilleşdirilýär. Rus dili hepdeliginiň maksady talyplarda rus dilini öwrenmäge höwesi artdyrmakdan, dünýägarýyşlaryny giňeltmekden, rus medeniýeti, edebiýaty, däp-dessurlary bilen tanyşdyrmakdan ybaratdyr.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiň 2-nji ýyl talyby.