26/05/2026
93
“SPORT — SAGDYNLYK WE RUHUBELENTLIK” ATLY SPORT ÝARYŞY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda talyp ýaşlarymyzyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek maksady bilen “Sport — sagdynlyk we ruhubelentlik” atly sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa institutyň ähli fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Bäsleşik örän gyzgalaňly we çekeleşikli ýagdaýda geçip, oňa gatnaşan talyplar öz fakultetleri boýunça ýörite toparlar esasynda bölünip, sportuň dürli görnüşleri boýunça bäsleşdiler.
Şeýle sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň kepilidir.
Rejepguly MAŞADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby