17/11/2026
71
SÖZ SUNGATYNYŇ USSATLARYNA BAGYŞLANAN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
2026-njy ýylyň 17-nji noýabrynda Aşgabadyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Erkin döredijilik mekanynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nazar Gullaýewiň, ýazyjy-şahyrlar Näzik Annatyýewanyň, Meret Haladowyň hem-de Begi Suhanowyň ömür we döredijilik ýoluna bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk türkmen edebiýatynyň wekilleriniň döredijilik dünýäsine aralaşmaga, olaryň durmuş ýoly, edebi gözlegleri we çeper eserleriniň many-mazmuny bilen giňişleýin tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Çünki her bir ýazyjynyň ömür ýoly onuň döreden eserleri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, şol eserlerde döwrüň ruhy, halkyň ýaşaýyş-durmuşy, ynsan ykbaly we durmuş hakykatlary öz çeper beýanyny tapýar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nazar Gullaýewiň edebi döredijiligi, türkmen edebiýatynyň ösüşine goşan goşandy, çeper söz sungatyndaky özboluşly aýratynlyklary barada täsirli söhbetler edildi. Şeýle-de Näzik Annatyýewanyň, Meret Haladowyň we Begi Suhanowyň döredijilik ýollary, olaryň eserlerinde öňe sürülýän watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak päkligi, dostluk we adamkärçilik ýaly asylly ýörelgeler barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Şeýle döredijilik duşuşyklarynda halypa ýazyjy-şahyrlaryň durmuş tejribesi, döredijilik dünýäsiniň aýratynlyklary, çeper söze bolan garaýyşlary ýaş nesil üçin gymmatly mekdep bolup hyzmat edýär. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylaryň arasynda özara pikir alyşmalaryň, sowal-jogaplaryň geçirilmegi hem çäräniň täsirliligini artdyrdy. Şeýle pursatlar döredijilik adamlary bilen okyjylaryň arasynda ruhy ýakynlygy döredip, edebiýata bolan gyzyklanmanyň has-da artmagyna ýardam berýär.
Dursunjemal AÝDOGDYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby