04/04/2025
642
Sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk boýunça onlaýn maslahat
2025-nji ýylyň 4-nji aprelinde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk babatynda öňdebaryjy tejribeleri ýaýratmak maksady bilen sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça 2025-nji ýylda geçiriljek maslahatlaryň meýilnamasyna laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda onlaýn maslahat geçirildi.
Bu onlaýn maslahaty Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Amaly matematika we informatika kafedrasynyň müdiri uly mugallym Sülgün Garajaýewa alyp bardy. Ol “Sanly bilim giňişliginde maglumat ulgamlaryň mümkinçilikleri” atly tema boýunça çykyş etdi.
Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň sanly bilim, sanly ykdysadyýet we kiberhowpsuzlyk ugry boýunça jogapkär mugallymlary, hünärmenleri, bu ugurda hereket edýän kafedralaryň müdirleri hem gatnaşyp, olar Sülgün Garajaýewa hem-de beýleki gatnaşyjylar bilen özara sorag-jogap alyşmak arkaly bu ugur boýunça bilimlerini kämilleşdirdiler.
Şeýle onlaýn maslahatlaryň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda yzygiderli geçirilmegi bu ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrar.
Meýlis GYLYŞAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.