Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy
    Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy
    Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy
    Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy
    23/02/2024

    1962

    Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy

    2024-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Aşgabadyň gündogarynda ýerleşýän — Änew şäheriniň golaýynda ýerleşýän gadymy Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Bu gezelenç Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilen ýylynda türkmen medeniýetini we taryhyny içgin öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
    Taryhy ýadygärligiň hünärmeniniň Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumynyň taryhy, medeni goraghananyň çäklerinde arheologlar tarapyndan üsti açylan tapyndylar, düýpli gözlegleri talap edýän gymmatlyklar barada beren gyzykly gürrüňleri ýaşlaryň maglumat goruny baýlaşdyrdy. Şeýle hem hünärmen soňky ýyllarda bu ýerde edilen ylmy açyşlar bilen içgin tanyşdyrdy.
    Hünärmeniň belleýşi ýaly, bu ýadygärlikler toplumy dört desgadan — metjitden, onuň öňündäki kümmediň üstündäki binadan hem-de beýik gümmezli iki sany jaýdan ybaratdyr. Seýitjemaleddin ýadygärlikler toplumy ady bilen belli bolan bu ymarat örän çylşyrymly desga bolup, ýadygärligiň, guburhananyň, medresäniň we hanakanyň wezipelerini ýerine ýetiripdir. Ýadygärlikler toplumy 17 otagdan ybarat bolup, onuň merkezinde üsti gümmezli, tarapy 10,5 metre barabar otag ýerleşipdir. Rowaýata görä, aždarhalar Änewiň ilatyna howandarlyk eden jandarlar hökmünde görkezilýär, olaryň şekili bolsa ýadygärligiň ýüzündäki ýazgyda atlandyrylyşy ýaly «Gözellik öýüni» gorap saklapdyr.
    Gadymy ýadygärlikler toplumyna guralan gezelenç geljekki halkaraçy hünärmenleriň şöhratly taryhymyza, merdana pederlerimize, milli gymmatlyklarymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrdy. Gezelenjiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, zehin aýratynlyklaryny açyp görkezmäge, watançy ýaşlar bolup ýetişmäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

    Gülnara MYRADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI