14/12/2023
943
Sanly ykdysadyýet boýunça okuw sapagy
2023-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň gurnamagynda “Sanly ykdysadyýet” dersi boýunça halkara ykdysady gatnaşyklary hünäriniň 3-nji ýyl talyplaryna “Sanly ykdysadyýetiň ösüş derejesini bahalandyrmagyň görkezijileri” atly temadan okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň öwrenji mugallymy Meýlis Nepesow alyp bardy. Sapakda häzirki wagtda sanly ykdysadyýetiň ösüş derejesini bahalandyrmagyň görkezijilerini kesgitlemegiň köpdürli usullary barada, onuň ösüşini görkezýän ululyklaryň aýratynlykda hem bahalandyrylyşy barada, şeýle hem munuň üçin ykdysadyýetiň döwlet, telekeçilik we hususy sektorlarynda ulanylýan görkezijiler hakynda aýdyldy. Sapakda talyplar mugallym bilen sowal-jogap alyşdylar.Şeýle sapaklaryň dowamly geçirilmegi talyp ýaşlarda sanly ykdysadyýet barada giňişleýin düşünjäniň kemala gelmegine ýardam edýär.
Kerim KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.