24/02/2023
1445
Sanly ulgam boýunça geçirilen onlaýn maslahaty
2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Bilim ministri tarapyndan tassyklanan meýilnama esasynda Sanly bilim, Sanly ykdysadyýet, we Kiberhowpsuzlyk boýunça ýurdumyzyň bilim edaralarynyň we daşary ýurtlaryň öňdebaryjy iş tejribelerini ýaýratmak maksady bilen ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň IT ugruna degişli bolan mugallymlarynyň, işgärleriniň we jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda onlaýn maslahaty geçirildi.
Bu onlaýn maslahatyna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölüminiň esasy hünärmeni Kerim Ýowbagşyýew we Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Nazar Niýazow dagy gatnaşdy.
Onlaýan maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy Wepa Kowsyýew “Möhüm maglumat infrastrukturalarynyň obýektleriniň sanawyny döretmegiň we derejelendirmegiň Tertibi” atly tema boýunça çykyş etdi we degişli tema boýunça sorag-jogap alyşdylar.
Onlaýn maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň çäginde hereket edýän bilim edaralarynda ýaşlaryň sanly ulgamdan maksadalaýyk peýdalanmaklaryny we ony dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça pikir alyşmakdan ybarat bolup durýandygyny ýene bir ýola belläp geçdiler.
Kerim ÝOWBAGŞYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Sanly diplomatiýa hünäriniň magistranty.