27/10/2026
41
Sanly diplomatiýa bagyşlanan prezentasiýa bäsleşigniň jemleri jemlendi
2026-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda “Merkezi Aziýa sebitinde sanly diplomatiýany ösdürmekde Türkmenistanyň goşan goşandy” atly ähli fakultetleriň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen prezentasiýa bäsleşiginiň jemleri jemlendi.
Bäsleşigiň maksady Merkezi Aziýa sebitinde sanly diplomatiýanyň ähmiýetini we onuň ösüşini talyp ýaşlara düşündirmekden, şeýle hem ýurdumyzyň diplomatik gulluklarynyň halkara maglumat giňişligindäki alyp barýan işlerini we milli sanly diplomatiýanyň gurallaryny öwrenmekden ybaratdyr.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça tapawutlanan talyplara diplomlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Farida JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
24/10/2026
Okuw-usuly maslahat