26/05/2026
16
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGELERINE BAGYŞLANAN OKUW SAPAGY
2026-njy ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň gatnaşmagynda okuw sapagy guraldy. Dünýä dilleri kafedrasynyň guramagynda, «Temmäkä garşy göreşmek» boýunça meýilleşdirilen çäreleriň çäginde geçirilen bu okuw sapagy ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.
Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Gapbar Hallyýewiň alyp barmagynda geçen bu okuw sapagynda esasy üns sagdyn durmuşyň artykmaçlyklaryna gönükdirildi. Sapagyň dowamynda zyýanly endiklerden, aýratyn-da temmäki önümlerinden daşlaşan adamlaryň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgerişler barada giňişleýin gürrüň berildi. Saglygy berkitmek, sportda täze sepgitleri eýelemek ýaly möhüm ugurlar mysallar arkaly düşündirildi. Talyplar bilen guralan pikir alyşmalarda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň diňe bir şahsy däl, eýsem tutuş jemgyýetiň bagtyýar geljegine goşýan goşandy aýratyn bellenildi.
Sapagyň dowamynda talyplar özlerini gyzyklandyrýan sowallary berip, durmuşda işjeň we sagdyn bolmagyň ýollary barada gymmatly maslahatlary aldylar. Ýygnananlar ýaş nesliň saglygyny goramakda, halkymyzyň sagdyn durmuş medeniýetini ýokarlandyrmakda hem-de bu ugurdaky döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde şeýle mazmunly çäreleriň ähmiýetiniň örän uludygyny tüýs ýürekden nygtadylar.
Muhammetnazar AMANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby