Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
        • Prezentasiýa bäsleşigi geçirildi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Bildirişler / «Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY
    «Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY surady
    07/03/2025

    3263

    «Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly UNESCO klubynyň guramagynda Bütindünýä şygryýet güni we UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli «Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly
    DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ DÜZGÜNNAMASY
    Türkmenistan ýurdumyz hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine esaslanmak arkaly BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri aýratyn hem bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasy bolan UNESCO bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bu hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Şulardan ugur alyp, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň «Parahatçylyk medeniýeti» atly UNESCO klubynyň guramagynda Bütindünýä şygryýet güni we UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Halkara Nowruz güni mynasybetli «Parahatçylyk medeniýeti — Nowruz baýramy» atly döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.
    Bäsleşigiň maksady
    «2025 ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» UNESCO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň ähmiýetini we onuň medeni gymmatlyklaryny giňden wagyz etmek hem-de zehinli, çeper döredijilige ukyply ýaşlary ýüze çykarmak we olary höweslendirmek.
    Umumy düzgünler
    1.1. Bäsleşige UNESCO kafedralarynyň we klublarynyň döredijilik bilen gyzyklanýan agzalary we talyp ýaşlar gatnaşyp biler.
    1.2. Bäsleşige hödürlenjek wideoýazgylar dürli dillerde bolup biler.
    Bäsleşigiň şertleri
    2.1. Wideoýazgylarda Nowruz baýramynyň taryhy we onuň bellenilişiniň däp-dessurlary wasp edilmelidir.
    2.2. Wideo formaty:
    - Dowamlylygy: 2-5 minut;
    - Saz ýa-da sesli düşündiriş bilen bezelmeli;
    - MP4 formatynda (1920 we 1080) bolmaly.
    Bäsleşige gatnaşmagyň tertibi
    3.1. Wideoýazgy awtoryň familiýasy we ady ýazylan görnüşinde cultureofpeaceunesco@gmail.com salgysyna ugradylmaly.
    3.2. Bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän işlere garalmaýar.
    Döredijilik bäsleşiginiň bahalandyrma ölçegleri
    - Wideoýazgylarda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň halklaryň arasyndaky dostlugy, agzybirligi we parahatçylygy berkitmek ýaly ýörelgeleriniň beýan edilmegi;
    - Döredijilikli, täzeçil garaýyşlaryň özboluşly we çeper ýagdaýda şekillendirilmegi;
    - Wideolaryň tehniki hil, şekil taýdan özüne çekijiligi;
    - Sanly tehnologiýalardan kämil baş çykarýan ýaşlaryň wideomontaž we sungat ussatlygynyň ýokarlylygy.
    Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
    5.1. Bäsleşigiň eminler toparynyň düzümi ýurdumyzyň halypa diplomatlaryndan we KHBS wekillerinden düzüler.
    5.2. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan agzalaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
    5.3. Bäsleşigiň netijesi toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär.
    5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri: I, II, III ýerler boýunça hormat hatlary, şeýle hem ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.
    5.5. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler baradaky maglumatlar we bäsleşige tabşyryljak wideoýazgylar cultureofpeaceunesco@gmail.com elektron salgysy arkaly 2025-nji ýylyň 20-nji martynda sagat 16:00 çenli kabul edilýär.
    Habarlaşmak üçin telefonlar:
    Aýgözel Öwezowa +99362071848
    Jemile Pürjäýewa +99365671253
    BÄSLEŞIGE GATNAŞYJY BARADA MAGLUMAT

    1.Familiýasy, ady we atasynyň ady                                                  
    2.Işleýän/okaýan ýeriniň doly ady
    3.Wezipesi
    4.Alymlyk derejesi, alymlyk ady
    5.Işleýän ýeriniň salgysy (poçta indeksini hem görkezmeli)
    6.Ykjam telefony, elektron salgysy
    7.Wideoýazgynyň gysgaça beýany
                  

    Soňky täzelikler

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY surady

    06/05/2025

    II halkara bäsleşigine gatnaşyjylaryň MAKSATNAMASY
    II halkara bäsleşik surady

    28/04/2025

    II halkara bäsleşik
    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK! surady

    22/04/2025

    ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI