1733
“Özüňi bilmek we özgeleri tanamak” sungaty
2023-nji ýylyň 9-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzasy, telekeçi Dagdan Sözenowyň guramagynda “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagynyň işjeň agzalary bilen “Özüňi bilmek we özgeleri tanamak” sungaty esasynda sagatlaýyn tertiplenýän sowatlylyk äheňli maslahat beriji okuw sapagy öz işine başlady. Telekeçi Dagdan Sözenowyň alyp barmagynda geçirilen okuw sapagy her bir adamyň özüni we özgeleri tanamak ukybyny açmaga ýardam berýän, ynsan häsiýetleriniň aýratynlyklaryna bagyşlanan dokuz görnüşiniň üstünde durup geçmegi maksat edinýär. Okuwyň ilkinji sagadynda bilermen ynsan häsiýetini tapawutlandyrýan dokuz sany miraç barada düşünje berdi. Talyplar degişli tema boýunça özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen bilermene ýüzlendiler we özara pikir alyşdylar. Kyrk sekiz sagada niýetlenen okuw sapagy öz işini dowam edýär.
Berdigylyç ÝAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.