01/10/2026
29
Okuw-usuly seminar geçirildi
2026-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň 2026-njy ýylyň 2-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçiren umumy okuw sapagyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen okuw-usuly seminar geçirildi. Seminara ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlary, talyp ýaşlary hem-de orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdy.
Okuw-usuly seminarda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň dosenti, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Türkmenistanyň ussat diplomaty, tehniki ylymlarynyň kandidaty Çary Nyýazow «Diplomatiýada daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti we orny (Fransuz diliniň mysalynda)» atly tema boýunça çykyş etdi. Şeýle-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň, diplomatiýasynyň many-mazmunyny ýaşlara has giňişleýin düşündirdi.
Seminarda Milli Liderimiziň okuw sapagyndaky parasatly sözleri, watançylyk we edermenlik barada öwüt-nesihatlary, ýaşlary terbiýelemekde möhüm ädimleri dogrusynda giňişleýin gürrüň edilip, gyzykly sorag-jogap alyşmalar esasynda işjeň alnyp baryldy.
Mähriban BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby
Soňky täzelikler
30/09/2026
OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI