24/10/2026
60
Okuw-usuly maslahat
2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Kiberhowpsuzlyk kafedrasynyň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, tehniki ylymlaryň kandidaty, uly mugallym Maksat Çüriýew tarapyndan guralan onlaýn usuly-okuw maslahaty geçirildi.
Onlaýn usuly-okuw maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, ylym bölümleriniň degişli hünärmenleri we kafedra müdirleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda «Scopus» platformasynda çap edilýän žurnallara hödürlenýän ylmy makalalara soňky redaktirleme işlerini geçirmekde ulanylýan sanly serişdeler bilen tanyşdyrmak hem-de çap edilen ylmy makalalaryň täsirini we sitirlenme görkezijilerini ýokarlandyrmagyň usullary barada çykyş edildi. Onda jikme-jik salgylanmalara hem-de tejribede gazanylan görkezijilere esaslanýan prezentasiýa görkezildi. Bu bolsa maslahatyň täsirliligini artdyryp, mugallymlara şu ugurda baý tejribe toplamaga mümkinçilik döretdi.
Okuw-usuly maslahatyň ahyrynda mugallymlar özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Sorag-jogap alyşmak arkaly geçirilen onlaýn maslahat örän täsirli boldy. Onuň ahyrynda okamaga-öwrenmäge, ýaşlara bilim bermekde ylmy esasda çemeleşmäge döredilip berilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsun aýdyldy.
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy
Soňky täzelikler