19/05/2026
38
OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň ýanynda hereket edýän «Paýhas we parasat» gurnagynyň ýolbaşçysy, mugallym Güljahan Amanberdiýewanyň gurnamagynda Aşgabat şäheriniň 37-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda okuw seminary geçirildi.
Seminaryň dowamynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyň şygaryna bagyşlanyp, türkmen bedew atlarynyň gözelligi, özüneçekijiligi, ýyndamlygy, wepalylygy barada täsirli çykyşlar edildi. Munuň özi okuwçylaryň watançylyk ruhuny we okuwa bolan höwesini has-da artdyrdy.
Okuw seminarynyň ahyrynda mekdep okuwçylary özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler we olara mugallymlar tarapyndan giňişleýin jogaplar berildi. Ýaşlaryň kämil bilim almagy, ylymly-bilimi bolup ýetişmegi ugrunda uly aladalar edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden çykan minnetdarlyk sözleri aýdyldy.
Ogulmaýsa ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby