Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / OKUW SAPARYNDA BOLAN TALYPLAR TEJRIBELERINI PAÝLAŞDYLAR
    OKUW SAPARYNDA BOLAN TALYPLAR  TEJRIBELERINI PAÝLAŞDYLAR
    OKUW SAPARYNDA BOLAN TALYPLAR  TEJRIBELERINI PAÝLAŞDYLAR
    06/06/2024

    1166

    OKUW SAPARYNDA BOLAN TALYPLAR TEJRIBELERINI PAÝLAŞDYLAR

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary Umyt Annagylyjowa we Amanbagt Ussaýewa 2024-nji ýylyň 14-18-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherinde Ýewropa Geňeşiniň we Ýewropa Bileleşiginiň 4 ýyllyk bilelikdäki maksatnamasynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hukuk ugrunda okaýan talyplary üçin gurnalan “Adam hukuklary we daşky gurşaw” atly okuw sapagyna ýagny, Ýaz mekdebine gatnaşyp tejribelik saparynda boldular.
    2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda U.Annagylyjowa we A.Ussaýewa institutyň talyplary bilen özleriniň tejribelerini paýlaşdylar. Daşary ýurtda saparda bolan talyplar, öz alan tejribeleri dogrusynda prezentasiýa görnüşinde çykyş edip, adam hukuklary we daşky gurşawy goramak babatynda taýýarlanan wideorolik görkezdiler.
    Has takygy, çykyş eden talyplar bu okuw sapagyna Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we Türkmenistandan hukuk hünärinde okaýan talyp ýaşlaryň jemi 40-dan gowragy gatnaşandygyny aýdyp, onuň dowamynda Ýewropa Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça birnäçe hünärmenleriniň we Gazagystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň täsirli çykyş edendiklerini bellediler.
    Mundan başga-da, U.Annagylyjowa wideoroligiň üsti arkaly özüniň bu ugurda alyp barýan ylmy işi bilen bagly gyzykly maglumatlary hem talyp ýaşlaryň dykgatyna ýetirdi. Şeýle hem talyplar adam hukuklary, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we onuň adamzada ýetirýän zyýanly täsirleri baradaky alan tejribelerini we bu ugurlarda ýüze çykýan dawaly ýagdaýlary kazyýetde dogry netije çykarmak we üstünlikli çykyş etmek ukybyny ösdürmek bilen bagly ýerine ýetiren ýumuşlaryny deň-duşlary bilen paýlaşdylar. Talyplaryň okuw sapary dogrusynda özara sorag-jogap alyşmaklary aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy.
    Gazagystan Respublikasynyň Almata şäherine guralan okuw sapary talyplaryň halkara hukugy ugrundan kämil hünärmenler bolup kemala gelmeginde uly tejribe mekdebi bolup durýar. Talyp ýaşlar özleriniň saýlap alan hünärlerini kämilleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny bildirýärler.

    Kerwen MUHAMMETGELDIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy fakultetiniň V ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI