30/11/-0001
644
Okuw sapagy türkmen-german hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna bagyşlandy
2022-nji ýylyň 24-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet Merkezinde Türkmenistanyň Maýn boýundaky Frankfurtdaky konsullygynyň konsuly Orazmuhamet Annabaýewiň, şeýle-de institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagy Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Milli meýletin syn (II bölegi) taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik tejribesine hem-de Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda alnyp barylýan köpugurly işlere bagyşlandy.
Onda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek ýaly meseleler dogrusynda giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-de türkmen-german gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda uly tagallalaryň yzygiderli alnyp barylýandygy, şu ýylda möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolan Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň dolandygy nygtaldy.
Konsul ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ugurlary barada sapaga gatnaşyjylara gürrüň berdi. Hususan-da, halklary birleşdirýän parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik ýaly ýörelgeleri baýdak edinip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça Türkmenistanyň alyp barýan syýasatynyň many-mazmuny barada hem giňişleýin beýan etdi.
Geçirilen bu okuw sapagy talyplaryň bu ugurda alan bilimlerini has-da kämilleşdirmäge uly mümkinçilik döretdi. Olar özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.