22/12/2025
81
OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Enejan Orazmyradowanyň guramagynda talyplar bilen okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagy Gahryman Arkadagymyzyñ saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän, adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän gymmatly eserleriniň mazmunyny hem ähmiýetini düşündirmäge gönükdirildi. Onuň dowamynda çykyş edenler Milli Liderimiziň galamynyň astyndan çykan her bir eseriň diňe bir ylmy çeşme bolman, eýsem halkymyzyň ruhy tämizliginiň we sagdyn durmuş ýörelgesiniň sarsmaz binýadydygyny aýratyn nygtadylar.
Şeýlelikde, geljekki halkaraçy hünärmenler üçin bu kitaplar türkmen halkynyň parahatsöýüjilikli we ynsanperwer ýörelgelerini dünýä jemgyýetçiligine ýetirmekde möhüm gollanma bolup hyzmat eder.
Baýramgül TOÝLYGYLYJOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Soňky täzelikler
16/01/2026
WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
08/01/2026
Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri