507
Okuw maslahatynyň nobatdaky sany
2021-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi.
Bu okuw maslahatyny Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň wekili alyp bardy. Ol ýaşlaryň okuwdan boş wagtlary sportuň dürli görnüşleri we sagdyn durmuş endikleri bilen yzygiderli meşgullanmaklaryny gazanmakda milli we halkara baýramçylyk günlerine bagyşlanan köpçülikleýin sport ýaryşlarynyň hem-de mekdep-sport festiwallarynyň möhüm orny barada belläp geçdi. Maslahatyň dowamynda mugallymlaryň çykyşlary talyp ýaşlaryň gyzykly sorag-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby