533
Okuw maslahatynyň nobatdaky sany
2021-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi.
Bu okuw maslahatyny Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekili alyp bardy. Ol ýaşlarda adamkärçilik, rehim şepagatlylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemekde we ýoldaşlaryňy goldamak ýaly duýgulary we meýletinçilik hereketini ösdürmek boýunça geçirilýän çäreleriň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdi.
Maslahatyň dowamynda mugallymlaryň çykyşlary talyp ýaşlaryň gyzykly sorag-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.