Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda
    15/07/2024

    2062

    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde myhmançylykda

    2024-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary Gökdere jülgesindäki «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde boldular. Bu ýerde Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Ýaşlyk» teleradioýaýlymynyň, «Mir 24» halkara habarlar merkeziniň, şeýle hem türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň okuw studiýasynyň döredijilik toparynyň gatnaşmagynda çagalar bilen duşuşyk geçirilip, telegepleşikler ýazgy edildi. Dynç alýan çagalaryň arasynda guralan surat çekmek bäsleşigi hem-de aýdym-sazly dabara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň şu gezekki döredijilik sapary bilen özboluşly utgaşdy.
    Mälim bolşy ýaly, bagtyýar çagalar şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, «Gökdere» jülgesinde hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda tomusky dynç alşyň şatlykly pursatlaryny başdan geçirýärler. Olaryň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmekleri üçin ähli amatlyklar döredilen bu merkezlerde döredijilik duşuşyklary, tebigatyň gözel ýerlerine gezelençler, dürli medeni çärelerdir sport ýaryşlary, bäsleşikler yzygiderli guralýar. Şu gezekki döredijilik saparynyň dowamynda hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary — geljekki halkaraçy žurnalistler Gökderäniň bu ajaýyp künjeginde wagtlaryny şadyýan geçirýän körpejeler bilen didarlaşyp, olaryň ýürek buýsançlaryny ýazga geçirdiler. Munuň özi žurnalistika hünärini saýlan ýaşlar üçin özboluşly tejribe meýdançasy bolup, dowam edýän tejribelik döwrüniň mazmunyny artdyrýar.
    «Nebitçi» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezi barada aýdylanda, özüniň tebigy gözelligi bilen tapawutlanýan bu merkez 2008-nji ýylda açylyp, merkezde bir wagtyň özünde 500-den gowrak çaga dynç alyp bilýär. Bu ýerde medeniýet merkezi, saglyk nokady, naharhana, şeýle hem bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, döredijilik merkezleri, el hünärini, rus, iňlis dillerini öwrenmek üçin ýörite gurnaklar, kitaphana, muzeý hereket edýär. Bagtyýar çagalar merkezde döredilen giň mümkinçilikleriň ähmiýetini, bu ýerdäki ýatdan çykmajak pursatlaryny köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen paýlaşmaga mümkinçilik alandyklary üçin çaga ýüreginden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Gözleri begençden, kalplary şatlykdan pürepür körpe nesilleriň ýürek sözleri ata Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygyna ýene bir gezek aýdyň şaýatlyk edýär.

    Leýli MURADOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy hünäriniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI