Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Mukaddes enäniň görelde mekdebi
    Mukaddes enäniň görelde mekdebi surady
    30/11/-0001

    1100

    Mukaddes enäniň görelde mekdebi

    “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda, ak mermere beslenen Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň sanlyja günden uly toý-dabara bilen bellenilmeginiň öňüsyrasynda gelip gowşan hoş habar arkaly, her bir raýatymyzyň bize miras galdyran altyndan gymmatly, kümüş saçly ene-mamalarymyzyň arzuw-hyýaly siňen el-işine bolan hormatyň ýene bir gezek türkmen halkynyň aýratynlygyny wasp edýändiginiň şaýady bolduk.

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda ähli talyp gyzlar, zenan mugallymlar we bu bilim ojagynda zähmet çekýän ähli gelin-gyzlar Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ýürek mähri, kö­ňül arzuwlary siň­dirilen ajaýyp kürtäniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gowşurylmagy mynasybetli geçirilen çärä teleýaýlym arkaly tomaşa etdiler. Çärede çykyş eden mugallymlar baýdaga deňelýän türkmen zenanynyň maşgalada tutýan orny, Gahryman Arkadagymyzyň eli çeper zenanlarymyzyň zähmetine aýratyn sarpa goýýandygy, el hünäriniň elden-ele, nesilden-nesle geçmegi, kämilleşdirilip, döwrebap derejede ösdürilmegi babatda ähli amatlyklary döredýändigi barada söhbet açdylar. Maşgalada erkek kişi eklenç başynda bolsa-da, zenan elmydama oňa goltgy-kömek berip, öýüni bezäp, çagasyna hünär üsti bilen terbiýe bermegi, milli aýratynlygymyza sarpa goýmagy öwretmegi başarýan ilkinji mugallymydyr. Türkmen halky perzendiniň terbiýesine uly üns berýär, gyz çaganyň terbiýesine aýratyn çemeleşýär. Onuň terbiýesi, ar-namysy belentde pasyrdaýan tuguna deňeýär. Şol sebäpli, kiçilikden olara senetçiligiň dürli ugurlaryny öwredip, hünär bermäge, ünsüni jemläp, bir işe jür ýapyşmaklyk endigini kemala getirip, onuň häsiýetine öwürmekligi başarýar. Ýaş aýratynlygyna baglylykda alaja iýşmek, keşde çekmek, ýüň darap, ik egirmek, keçe gülletmek, halyny gyzyllamak, pişme bişirip, çelpek ýaýmak işine işjeň gatnaşmaklaryna çalyşýarlar. Görüm-görelde terbiýeçilik usuly ynsanyň aňyna, özüni alyp barşyna iňňän uly täsir edýär. Görelde bolmak üçin görelde alarlykly hereket etmek, gep-sözünde, edep-ekramynda, geýim-gejiminde, bir söz bilen aýdylanda, ähli babatda hemmetaraplaýyn nusga bolmagy başaran Ogulabat ejäniň on barmagynyň hünäri bilen, inçeden nepis keşde gaýap, bary ýogy ýigrimi günüň dowamynda gyzyl kürtäni taýýarlamagy, hakyky türkmen zenanynyň tutanýerli, yhlasly, edaly, maşgala gatnaşyklaryny has hem berkitmek ugrunda ähli zenanlara, ösüp gelýän ýaş neslimize görelde mekdebi bolup durýar.

    Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dünýä derejesinde bilim bermek bilen birlikde, milli ruhda terbiýe bermek häzirki wagtda ähli mugallymlaryň öňünde duran mukaddes borçdur!


    Gülşat Ýusupowa,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    okuw işleri boýunça prorektory

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI