07/07/2026
22
MUGALLYMLARYŇ HÜNÄRINI KÄMILLEŞDIRMEK MAKSATLY OKUW SAPAGY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek: okuw prosesinde emeli aňyň mümkinçilikleri» atly okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Maglumatlar we okatmagyň tehniki serişdeleri bölüminiň başlygy Alhan Ataýew alyp bardy.
Häzirki wagtda milli bilim ulgamyny, şol sanda ýokary hünär bilimini döwrüň talaplaryndan ugur alyp ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Öňde belent maksatlar goýlup, döwlet bilim resminamalary taýýarlanylýar hem-de netijeli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýokary hünär bilimini ösdürmegiň 2026-2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2026-2030-njy ýyllar üçin meýilnamasynda kesgitlenilen wezipeler hem ýurdumyzda ýokary hünär biliminiň hilini we mazmunyny halkara derejede ykrar edilen görkezijilere laýyklykda ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmekde, öňdebaryjy innowasion usullary okuw-terbiýeçilik, ylym-hünär işlerinde giňden ornaşdyrmakda, professor-mugallymlaryň, usulyýetçileriň, pedagoglaryň, ýaş mugallymlaryň iş ussatlygyny kämilleşdirmekde hem-de hünär başarnyklaryny ösdürmekde ýokary hünär biliminiň Strategiýasy uly mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Begmyrat ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
kafedrasynyň mugallymy