17/10/2024
567
Milli uniwersiada badalga berildi
2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy ” atly 14-nji milli uniwersiadanyň açylyş dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly bu dabara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary hem gatnaşdylar.
Ýylda geçirilmegi däbe öwrülen milli uniwersiada bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary sportuň dürli ugurlary boýunça özleriniň başarnyklaryny görkezip, özara ýaryşýarlar. Baýramçylyk ruhuna beslenýän şeýle ýaryşlar dost-doganlygy, agzybirligi pugtalandyrmakda orny uludyr. Bagtyýar ýaşlar sportuň dürli ugurlary boýunça halkara derejeli ýaryşlara gatnaşyp, Diýarymyzyň abraýyny belende galdyrýarlar.
Mähri NURYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy
fakultetiniň I ýyl talyby.