481
Meýletinçileriň okuw sapagy
2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guran bu okuw sapagyna milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu okuw maslahatyny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň wekili alyp bardy. Ol ýaşlaryň ekologiýa medeniýetini we tebigata aýawly garaýşyny kämilleşdirmekde ýaş meýletinçileriň başlangyçlarynyň ähmiýetiniň uly ähmiýete eýedigi barada täsirli çykyş etdi. Okuw sapagyny alyp baran wekil geljekde meýletinçileriň tebigata aýawly garamak işine işjeň gatnaşjakdyklaryna ynam bildirdi.
Okuw sapagynyň barşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.