1014
Meýletinçiler üçin okuw sapagy
2021-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi.
Bu okuw maslahatyny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekili alyp bardy. Ol halkyň taryhy gymmatlyklaryna gadyr goýýan hem-de ata-babalarymyzyň ýokary medeniýetlilik we adamkärçilik, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän kämil nesilleri terbiýelemekde kitaphanalaryň, muzeýleriň, taryhy ýadygärlikleriň ähmiýeti barada belläp geçdi. Maslahatyň dowamynda mugallymlaryň çykyşlary talyp ýaşlaryň gyzykly sorag-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby
Soňky täzelikler
26/12/2025
Düzme ýazmak bäsleşiginiň jemleri jemlendi
25/12/2025
Sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän bäsleşik