23/02/2024
891
Metbugat brifingi geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň guramagynda «Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy – türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzlary» atly metbugat brifingi geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň «Türkmenistan», «Nesil», «Biznes reklama» gazetleriniň wekilleri, institutyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Brifingde çykyş edenler türkmen halkynyň beýik akyldarlary – Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda belleniljek akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerime eýe bolýan baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirilişi bilen baglanyşykly çykyşlar metbugat maslahatynyň özenini düzdi. Talyplar Diýarymyzyň gazet-žurnallarynda yglan edilen, okyjylar köpçüligi tarapyndan oňyn seslenmä eýe bolýan döredijilik bäsleşikleri bilen tanyşdyryldy. Myhmanlar bu bäsleşiklere talyp ýaşlary işjeň gatnaşmaga çagyrdylar.
Mazmuna baý çykyşlaryň dowamynda tejribeli hünärmenler talyplaryň gyzyklanýan soraglaryna giňişleýin jogap berdiler.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
II ýyl talyby.