13/05/2022
672
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň halkara forumy
2022-nji ýylyň 12-13-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň bilim we ylym ministrliginiň gurnamagynda Almaty şäherinde al-Faraby adyndaky Gazak milli uniwersitetinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi. Ýokary derejede geçirilen bu halkara çäresine onlaýn görnüşinde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Esen Aýdogdyýew we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew gatnaşdy.
Forumyň ikinji gününde türkmen tarapyndan gatnaşan wekiller ýurdumyzda alnyp barylýan ylym-bilim özgertmeleri, ýokary okuw mekdeplerinde bilim beriş ulgamy barada çykyş etdiler. Hormatly Prezidentimiziň halkara ölçeglerine laýyk gelýän ylym-bilim ulgamyny durmuşa geçirmekde amal edýän işleri dogrusynda hem bellenilip geçildi. Mundan başga-da, türkmen tarapy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleri bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da giňeltjekdigini nygtady.
Häzirki wagtda Merkezi Aziýada bir bitewi ylym-bilim giňişligini ulgamyny döretmek wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şol mynasybetli bu forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim beriş maksatnamalaryny has-da kämilleşdirmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda tejribe alyşmak däplerini ösdürmek dogrusyndaky meseleler ara alnyp maslahatlaşylady.
Kuwwat MÄMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!