
150
Merkezi Aziýa ýaşlarynyň sebitleýin forumy geçirildi
2025-nji ýylyň 10-12-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynda «Saglyk we durnukly ösüş parahatçylygyň ýoly hökmünde» atly Merkezi Aziýa ýaşlarynyň sebitleýin forumynyň 7-nji tapgyry geçirildi. Forum sebitiň ähli ýurtlaryndan ýaş wekilleri, hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we halkara guramalaryň wekillerini jemläp, olary ýaşlaryň saglygyny berkitmek we Merkezi Aziýanyň durmuş üpjünçiligini ýokarlandyrmak babatda çözgütleri gözlemek ýaly umumy maksada gönükdirildi.
CADAP 7 forumynyň geçirilişine direktor Ernest Robello ýolbaşçylyk etdi. Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň geňeşçisi Magtymguly Akmyradow şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Maseý Madalinski dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda parahatçylykly we sagdyn jemgyýeti döretmekde ýaşlaryň ornunyň ähmiýeti we umumy meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygynyň möhümdigi nygtaldy.
Resmi açylyş dabarasyndan soňra forumyň işi tematiki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak görnüşinde geçirildi. Maslahata Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Ýewropa ýurtlarynyň hünärmenleri we ýaşlar gatnaşdylar. Bu bolsa öz gezeginde özara pikir alyşmaga uly mümkinçilik döretdi.
Günüň ikinji ýarymynda CADAP 7 utgaşdyryjysy Antonio Gonzaleziň ýolbaşçylygynda geçirilen sessiýalaryň netijeleri ara alyp maslahatlaşyldy.
CADAP 7 maksatnamasynyň geçirilmegi Merkezi Aziýada Bütindünýä Ýewropa Bileleşiginiň esasy başlangyjy bolup, ol neşe serişdeleriniň ulanylmagynyň öňüni almak, ilatyň saglyk derejesini ýokarlandyrmak we sosial howplary azaltmak ugrunda sebitiň ýurtlarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmäge gönükdirilendir.
Mahym NARMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.