20/05/2026
40
«MERKEZI AZIÝA + AMERIKANYŇ BIRLEŞEN ŞTATLARY FORMATYNDAKY SAMMITINIŇ YKDYSADY ÄHMIÝETI» ATLY OKUW SEMINARY GEÇIRILDI
2026-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Ykdysady diplomatiýa okuw merkeziniň guramagynda «Merkezi Aziýa + Amerikanyň Birleşen Ştatlary formatyndaky sammitiniň ykdysady ähmiýeti» atly okuw seminary geçirildi. Bu okuw seminaryny institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasynyň mugallymy Amanmyrat Myradow alyp baryp, oňa institutyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Bu okuw seminarynyň esasy maksady Amerikanyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de «Merkezi Aziýa + Amerika» sammitleriniň sebitde howpsuzlyk, ykdysady hyzmatdaşlyk ýaly meselelere ýetirýän täsirini giňişleýin seljermekden we talyplara öwretmekden ybarat boldy.
Seminaryň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleriniň ykdysady ösüşi, energiýa, sanly ykdysadyýet, daşky gurşawy goramak, ylym-bilim we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek dogrusynda alnyp barylýan işler hem-de Amerikanyň syýasy ulgamy, howpsuzlyk, energetika we söwda syýasaty, Amerika – Merkezi Aziýa gatnaşyklary barada giňişleýin bilim berildi.
Okuw seminary talyplar üçin örän täsirli bolup, olar özlerini gyzyklandyrýan sowallaryna jogap aldylar.
Güljeren ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby