1278
"Men - lider" atly prezentasiýa bäsleşigi
2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda "Ýaş Liderler – Türkmenistanyň häzirki we geljekki ösüşiniň hereketlendiriji güýji" atly hepdeligiň çäginde Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň arasynda "Men – lider" atly prezentasiýa bäsleşigi geçirildi. Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedradynyň guramagynda geçirilen bu çärä Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary gatnaşdylar. Bäsleşigiň barşynda talyplar "Lider kim?", "Lider nähili bolmaly?", "Näme üçin men lider bolmaly?" diýen ýaly soraglara öz garaýyşlaryny täsirli prezentasiýalarynyň üsti bilen dürli dillerde beýan etdiler. Bäsleşigiň ahyrynda emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda köpçülik bilen işlemekde, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşmakda gazanan tejribeleri we sowallara beren oňyn jogaplary göz öňünde tutulyp, fakultetiň 304-nji toparynyň talyby Dilnoza Muhadowa “Halkara žurnalistikasy fakultetiniň lideri” diýlip yglan edildi.
Mähriban HUDAÝGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 304-nji toparynyň talyby.